Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Gahrymany, belli opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa 98 ýaşynda aradan çykdy


Maýa Kulyýewa, TDH-nyň suraty

Türkmenistanyň Gahrymany, ozalky SSSR-iň halk artisti, meşhur opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa öten agşam hassahanada 98 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Ol Aşgabadyň alkymyndaky Buzmeýinde (häzir Abdan), 1920-nji ýylyň maý aýynda doguldy.

Maýa (Mamajan) Kulyýewa öz ýatlamalarynda uly sungata tarap äden ilkinji ädiminiň 1937-nji ýylda, çeper höwesjeňleriň Aşgabatda geçirilen respublikan gözden geçirilişinden başlanandygyny aýdýardy.

Şonda onuň ýerine ýetiren “Garybym” atly aýdymy hem diňleýjileriň, hem emin agzalarynyň göwnünden turdy.

Bu üstünlik ýaş aýdymçynyň 1938-nji ýyldan 1941-nji ýyla çenli aralykda Moskwanyň P.I. Çaykowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň Türkmenistan bölüminde okamagyna ýol açýar.

Maýa Kulyýewa okuwyny tamamlap, Türkmenistanyň Opera we balet teatrynda işe başlaýar.

Ol türkmen teatrynyň sahnasynda günbatar operalarynyň rollaryny ilkinji ýerine ýetiriji bolýar.

“Şasenem-Garyp”, “Zöhre-Tahyr” operalarynda döreden rollary we beýleki işleri bilen il içinde uly meşhurlyk gazanan aýdymçy bir topar sylaga mynasyp boldy, baryp 1943-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň At gazanan artisti diýen ada eýe boldy.

Maýa Kulyýewa 2008-nji ýylyň oktýabrynda prezident G. Berdimuhamedowyň permany bilen Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at berildi.

Meşhur opera aýdymçysy 28-nji aprelde Çoganlyda jaýlandy.

XS
SM
MD
LG