Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Türkmenistanyň Pakistana iberjek gazyny çalşyp ibermäge taýýardygyny aýdýar


23-nji fewralda TOPH-yň owgan bölegine badalga berildi.
23-nji fewralda TOPH-yň owgan bölegine badalga berildi.

Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Hamidreza Akaki “Eýran yslam respublikasy özüniň Pakistana niýetlenen türkmen gazyny alyşmak esasynda ibermäge taýýardygyny yglan etdi” diýdi. Bu maglumaty "Mehr" habar gullugy çap etdi.

Ol bu sözleri TOPH gaz geçirijisi proýektiniň durmuşa geçirilmeginiň "mümkin däldigi" barasyndaky bellikleriniň arasynda aýtdy.

Eýranyň regiondaky pozisiýasy sebäpli, “Eýran öz içinden geçýän islendik geçiriji proýektine hyzmatdaş bolup biler” diýip, ol sözüni dowam etdirdi.

Akaki TOPH gaz geçiriji proýektiniň “gelýän 10 ýyl içinde guruljakdygyny, onuň haýsy serişdeler esasynda maliýeleşdiriljeginiň belli däldigini” aýdyp, türkmen gazyny Pakistana aşyrmak üçin Eýran ýolunyň iň gowy ugurdygyny öňe sürdi.

Eýran häzir Azerbaýjana ugradylýan türkmen gazyny tebigy gaz çalyşmak esasynda üstünden geçirýär, ýagny serhedinde Türkmenistandan gaz alýar we şol möçberdäki gazy hem Azerbaýjana iberýär diýip, ministriň orunbasary ýatlatdy.

XS
SM
MD
LG