Kabulda ýurduň Aňtaw gullugynyň golaýynda iki sany partlama boldy. Wakada azyndan 29 adam, şol sanda Azatlyk Radiosynyň üç žurnalisti hem öldi.
Saglyk resmileriniň berýän maglumatyna görä, motosikletdäki janyndan geçen hüjümçileriň biri Şaş Darak sebitinde ýerleşýän Aňtaw gullugynyň edarasynyň golaýynda özüni partladypdyr.
Bu partlamadan 20 minut töweregi soň, janyndan geçenleriň ýene biri Şäher ösüş we jaý ministrliginiň binasynyň daşynda özüni ýardy.
Hüjümlerde 45 adamyň hem ýaralanandygy habar berilýär.
Hüjümleriň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" ekstremistik topary öz üstüne aldy.
Ikinji hüjümde heläk bolan žurnalistleriň arasynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Sabawoon Kakar, Abadullah Hananzaýi we Moharram Durani hem bardy.