Türkmenistanyň “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan hususy firmalar tarapyndan Aşgabat şäherindäki köçeleriň ugrunda we käbir döwlete degişli dükanlaryň öňlerinde goýlan terminallaryň öz mobil telefonlary üçin pul töleýän müşderileriniň pullaryny ‘ogurlaýandygy’ barada maglumatlar bar. Azatlyk Radiosy Aşgabat şäherindäki terminallar, şol sanda “Türkmen Tilsimat Hojalyk jemgyýeti” hususy kärhanasyna degişli teminallar barada fotosergi taýýarlady.
Aşgabadyň telefon terminallary

1
Aşgabadyň käbir ýaşaýjylary hususy firmalar tarapyndan ýerleşdirilen telefon terminallarynda salan pulunyň öz mobil telefonlaryna geçirilmeýändigini aýdýarlar.

2
Döwlete degişli dükanlaryň, super marketleriň, käbir edara-kärhanalaryň öňünde ýerleşdirilen bu terminallar pul salnandygy baradaky kepilnamany, ýagny töleg çekini hem müşderä bermeýär diýip, ýaşaýjylar belleýär.

3
Bu ýagdaýyň, esasan, “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyp işleýän “Türkmen Tilsimat Hojalyk jemgyýeti” hususy kärhanasyna degişli terminallarda gaýtalanýandygy aýdylýar.

4
Müşderileriň aýtmagyna görä, “Türkmen Tilsimadyň” edara jaýynda oturan hünärmenler puluň müşderiniň mobil telefonyna näme üçin geçmeýändigine düşündiriş berip bilmeýärler.