Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Marokkonyň aýyplamalaryny ret edýär


Günbatar Saharyny ikä bölýän gury ýer diwary
Günbatar Saharyny ikä bölýän gury ýer diwary

2-nji maýda Eýranyň Daşary işler ministrligi Tähranyň Günbatar Saharanyň garaşsyzlygy ugrunda göreşýän pitneçi topary ýarag bilen üpjün edendigi baradaky aýyplamalary ret etdi. Bu waka Marokkonyň agzalýan aýyplamalar bilen baglanyşykly Tähran bilen diplomatik gatnaşyklary kesmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Marokkonyň daşary işler ministriniň Günbatar Saharadaky eýran diplomatlary bilen Polisario frontynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada eden çykyş ýalan” diýlip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

1-nji maýda Marokko Tähranyň “Polisario frontyna”, ýagny Günbatar Sahara garaşsyz hereketine berýändigi aýdylýan goldaw bilen baglanyşykly Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi.

Marokkonyň daşary işler ministri Nasser Bourita Eýrany we onuň liwanly şaýy ýarany Hizballahy “Polisario” söweşijilerini guryýer-howa raketalary bilen ýaraglandyrmakda we türgenleşdirmekde aýyplady. Şeýle-de, Bourita olaryň muny Eýranyň Alžirdäki ilçihanasynyň üsti bilen 2016-njy ýyldan bäri amala aşyrandygyny aýtdy.

Marokkonyň daşary işler ministri özüniň Eýrana baryp gelendigini we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary soňlamak baradaky karary öz eýranly kärdeşlerine mälim edendigini belledi.

Marokkonyň ilçisi Tährany terk etdi we Eýranyň Marokkodaky ilçihanasy hem “dessine” ýapylar diýip, Bourita aýtdy.

Günbatar Sahara öňki ispan koloniýasy bolup, ol 1975-nji ýylda Marokko tarapyndan anneksiýa edilipdi.

XS
SM
MD
LG