Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Odesada ýowuz çaknyşygyň pidalary ýatlanýan mahaly, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi


2-nji maýda Odesada howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

2014-nji ýylda Ukraina tarapdar demonstrantlar bilen Orsýete tarapdar protestçileriň arasynda bolan çaknyşyklarda ölen 48 adamy ýatlamak boýunça dabaralaryň geçirilmegine taýýarlyklar görülýän mahaly, Gara deňziň kenaryndaky ukrain port şäheri Odesada howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

2-nji maýda Kulikowo meýdanynyň we Kärdeşler arkalaşygy binasynyň golaýynda 1 müňden gowrak polisiýa we howpsuzlyk ofiseri ýerleşdirildi. Bu ýerde mundan dört ýyl öň ýowuz çaknyşyklar bolupdy.

Odesa regional polisiýa departamenti adamlaryň bu territoriýa diňe metaly anyklaşdyrýan gurallar arkaly barlanandan soňra geçip biljekdigini aýtdy.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugy (SBU) çaknyşykda ölenleriň hatyrasyna geçirilýän çärede kommunist we nasist simwollary ulanmagyň gadagan edilendigini mälim etdi.

Regional polisiýa Odesanyň köçelerine Milli gwardiýanyň we polisiýanyň 2,500 agzasynyň patrullyk edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG