Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýüze çykan ýer sarsmada 76 adam ýaralandy

Geçen noýabrda Eýranyň Kermanşah welaýatynda ýüze çykan ýer sarsmasynda azyndan 620 adam heläk boldy.
Geçen noýabrda Eýranyň Kermanşah welaýatynda ýüze çykan ýer sarsmasynda azyndan 620 adam heläk boldy.

Eýranyň günorta-günbataryndaky Sisakht şäherinde bolan ýer titremede azyndan 76 adam ýaralandy, şeýle-de sebitdäki elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň işinde bökdençlikler ýüze çykdy.

5,3 bal derejesindäki tebigy hadysa 2-nji maýda ir sagat 08:30-da boldy.

Geçen noýabrda Eýranyň günbataryndaky Kermanşah welaýatynda 7,3 bal derejesinde ýüze çykan ýer sarsmasynda azyndan 620 adam heläk bolup, müňlerçe ýaşaýjy hem ýaralanypdy.

XS
SM
MD
LG