Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň Futbol boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyklary “umuman tamamlandygyny” yglan etdi. Futbol boýunça dünýä çempionaty şu ýylyň iýun aýynyň 14-den iýul aýynyň 15-ne çenli aralykda Orsýetiň 11 şäherinde geçiriler.
“Orsýet bu ýaryşa taýýar” we diňe soňky “inçe düzedişler” galdy diýip, Putin Futbol boýunça halkara federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Gianni Infantino bilen 3-nji maýda Soçide geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.
Şeýle-de, Putin ýaryşda rus toparynyň gowy çykyş etmegini umyt edýändigini belledi.
Ýewropanyň gündogar böleginde ilkinji gezek geçirilýän Futbol boýunça dünýä çempionaty häzire çenli geçirilen ýaryşlaryň iň gymmady bolup, ol Siriýada ulanyldy diýilýän himiki ýaraglaryň hüjümi, Britaniýada öňki rus içalysynyň zäherlenmegi, Moskwanyň Ukraina goşulyşmagy we beýleki meseleler bilen baglanyşykly Orsýet bilen Günbatar ýurtlarynyň arasynda dartgynlylygyň möwjän mahalyna gabat geldi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?