Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň tarapdarlary Putine "Ol biziň patyşamyz däl" diýýärler


Oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý proteste gatnaşýar. Moskwa, 30-njy aprel, 2018.

Alekseý Nawalnyý 5-nji maýda Moskwada ýurt boýunça Wladimir Putine garşy geçirilýän prosetestleriň çäginde tussag edildi.

Nawalnyý rus paýtagynyň merkezindäki Puşkin skwerinde guralan ýygnanyşyga geleninden soň gysga wagt içinde polisiýa tarapyndan tussag edildi. Pitnä garşy polisiýa bu ýere gelen beýleki protestçileri dargydýan wagtynda olaryň käbiri Putiniň goldawçylary tarapyndan urlup-ýenjildi.

Oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň goldawçylary 5-nji maýda Moskwada, Sankt-Peterburgda we beýleki rus şäherlerinde toplanyp, prezident Wladimir Putiniň täze alty ýyl prezidentlik möhletine garşy protest bildirýärler.

Putin 7-nji maýda 18 ýyllyk ýolbaşçylyk möhletini uzaldyp, özüniň dördünji prezidentlik möhleti üçin kasam kabul etmeli. Tarapdarlary onuň ýurdy “dyzyna galdyrandygyny” aýdýarlar, garşydaşlary bolsa Putini korrupsiýada, awtokratiýany berkitmekde ýazgarýarlar.

AÝ/AR-nyň habarçylary polisiýanyň protestçilere garşy durýandygyny we Sibiriň Krasnoýarsk şäherindäki protest ýygnanyşygynda birnäçe adamy tussag edendigini habar berýärler.

Nawalnynyň Tomsk şäherindäki kordinatory Kseniýa Fadeýewa hem, birnäçe ýüz adam protest bildirýän mahalynda, sibir şäherinde polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Uzak Gündogardaky Habarowsk şäherinde toplanan protestçiler “Ýok bolsun patyşa!” diýen şygara gygyrdylar.

Uly köçe protestlerine çagyran we Orsýetiň dolandyryjy elitasynyň ulaşandygy aýdylýan korrupsiýa barada tapgyrlaýyn hasabat çap eden Nawalnyý, maliýe jenaýatlarynda aýyplanandygy üçin diýlip, prezidentlige kandidat bolmakdan mahrum edildi.

Ol 5-nji maýdaky protestleri “Ol biziň patyşamyz däl” diýen şygar astynda geçirmegi teklip etdi.

XS
SM
MD
LG