Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen duşuşjak ýeriniň kesgitlenendigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň ýanaşyk goýlan suratlary.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşjak wagtynyň we ýeriniň kesgitlenendigini aýtdy, emma detallary açmakdan boýun gaçyrdy.

"Biziň indi duşuşjak wagtymyz we ýerimiz belli. Biz muny basym yglan ederis” diýip, Tramp 4-nji maýda Ak tamyň daş işiginde, Dallasa sapara ugramazyndan öň žurnalistlere aýtdy.

Tramp şu hepdäniň başynda iki lideriň iki Koreýanyň arasyndaky harbysyzlaşdyrylan zonada duşuşmagynyň ahmaldygyny ýaňzytdy.

Duşuşygyň ýaňzydylan başga ýerleriniň arasynda Singapur, Mongoliýa we Şweýsariýa hem bar.

Bu duşuşyga görülýän taýýarlykllar Kimiň 27-nji aprelde Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in bilen geçiren sammitinden soň güýçlendi.

Bu tagallalar ýarymadadaky dartgynlyklary gowşatmaga hem-de Phenýanyň ýadro ýaraglaryny synag etmeginiň pesinden wagtlaýyn togtadylmagyny gazanmaga kömek eder öýdülýär.

BMG-niň rezolýusiýalaryna garamazdan, Phenýan öz ýadro synaglaryny şu wagta çenli bes etmän gelýärdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG