Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Türkmenistana gaz swap ylalaşygyny hödürleýär


TOPH-uň geçýän ugry boýunça bar bolan şübheler bu 10 milliard dollara barabar proýekte maýadar tapmagy kynlaşdyrdy. 

Eýran Türkmenistana garaşylmadyk teklip hödürleýär. Aşgabatdaky resmileriň bu teklibi aňsat ret edip bilmezligi mümkin.

29-njy aprelde Eýranyň Milli nebit kompaniýasynyň başlygy Hamidreza Araki Eýranyň swap ylalaşygy esasynda türkmen gazyny Pakistana akdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär. Türkmen hökümeti lapykeçlik bilen öz mawy ýangyjyny dürli ugurlara eksport etmäge synanyşýar.

Türkmen gazynyň eksportyny ösdürip, döwletiň gapjygyny galňatmak üçin prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň iň ygtybarly ugurdygyna ynanýana çalym edýär.

Ýöne, TOPH-yň iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigi hakda doly ynam ýok. TOPH arkaly 33 milliard metr kub türkmen gazy akdyrylar. Ýöne gaz geçirijiniň 744 kilometri Owganystanyň çäginden geçer. Soňky ýyllarda ol ýerde hökümet güýçleri bilen jeňçileriň arasyndaky garpyşyklar güýçlendi.

TOPH-uň geçýän ugry boýunça bar bolan şübheler bu 10 milliard dollara barabar proýekte maýadar tapmagy kynlaşdyrdy.

Araki: “Iň gowusy bolanda TOPH-yň gurluşygy 10 ýylda tamamlanar. Ýöne bu taslamany kimiň maliýeleşdirip, kimiň howpsuzlygy üpjün etjekdigi henizem nämälim” diýdi.

“Biz has amatly bahadan gysga wagtyň içinde swap ylalaşygyny amala aşyryp bileris” diýip, ol belledi.

Araki Eýranyň teklip edýän swap ylalaşygy arkaly akdyrmaga isleg bildirýän türkmen gazynyň möçberi barada agzamady, ýöne onuň bu mümkinçiligiň has çalt amala aşyryljak wariantdygy dogry bolsa gerek.

“Parahat” gaz geçirijisi

Eýran “Parahat” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň birinji bölümini tamamlady. Uzynlygy 1900 kilometrlik bu gaz geçiriji arkaly Eýranyň Günorta pars gaz käninden Pakistana, soňlugy bilen Hindistana gaz akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

“Parahat” gaz geçirijisi TOPH-a alternatiwadyr. Bu iki proýektiň ikisi-de ilkibaşda 90-njy ýyllarda nazarda tutulyp başlanypdy. Ýöne dürli sebäplerden olar yza süýşürildi.

“Parahat” gaz geçirijisi bilen baglylykda, Birleşen Ştatlar Pakistana Eýrandan gaz satyn almazlygy üstünlikli ündäp geldi.

Ýöne Eýran taslamanyň öz çäginden geçýän şahasynyň gurluşygyny tamamlady. Şol sebäpden, türkmen gazynyň Pakistana akdyrylmagynda iň gysga ýoluň swap ylalaşygydygyny aýtmak bilen Araki, belki-de, mamladyr.

“Parahat” gaz geçirijisi işe girizilen wagty ýylda 22 milliard metr kub gazy Pakistana akdyrmaga mümkinçilik bolar. Ýöne bu gaz geçirijiniň kuwwatlylygyny ýylda 55 milliard kub metre çykarmak göz öňünde tutulýar.

Araki özleriniň akdyryp biljek türkmen gazynyň möçberi barada hiç zat agzamady, ýöne Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklary nazarda tutanymyzda, Aşgabat üçin islendik mukdar makul hasaplanar.

Türkmenistan häzirki wagtda diňe Hytaýa gaz eksport edýär. Oňa eksport edilýän 30 milliard kub metrlik gazyň töleginiň ep-esli bölegi bilen Türkmenistan Hytaýa bolan bergisini töleýär.

Türkmenistan gaz müşderilerinden Orsýeti 2016-njy ýylda ýitirdi. Şondan bir ýyl geçensoň, Aşgabat Eýrandan 2007-2008-nji ýyllaryň gyşyndaky gaz üçin algylaryny aljak boldy. Eýran tölemekden boýunça gaçyrdy. Şondan soň Türkmenistana Demirgazyk Eýrana akdyrýan gazyny kesdi.

Ýöne, muňa garamazdan, Eýran swap ylalaşygy esasynda türkmen gazyny Azerbaýjana akdyrmaga rugsat berdi. Ermenistan hem şeýle ylalaşygyň ugrundadyr.

Bu gaz swap ylalaşyklary Orsýetiň ýerini dolduryp bilmeýär. Ruslar birwagtlar 40 milliard kub metrden gowrak türkmen gazyny, Eýran bolsa 6-8 milliard kub metre barabar türkmen gazyny satyn alardy.

Ne Tähran ne-de Aşgabat algy-bergi dawasynda egilşik etmänsoň, Türkmenistandan demirgazyk Eýrana çekilen maksimum 20 milliard kub metr gaz geçirmäge kuwwatly iki gaz geçirijiniň ikisi-de “takyrap” durandyr.

Şonuň üçin, Eýranyň türkmen hökümetine eden teklibi özüne çekijidir. Ýöne, Aşgabat bir zady göz öňünde tutmaly, ýagny Pakistan boýunça swap ylalaşygyna razyçylyk bermek bilen, onsuzam şübheli garalýan TOPH-yň durmuşa geçirilmek ähtimallygyny “kölegeli” görkezer.

Teklibiň mümkin bolan başga sebäpleri barmy?

Eýranyň Türkmenistana edýän jomartlygynyň aňyrsynda başga-da sebäp bolmagy mümkin.

Geçen ýyl Türkmenistan swap ylalaşygy esasynda öz gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä akdyrmaga synanyşanda Araki “Biz swap ylalaşygy arkaly özümize garşydaş ýurduň gazyny Türkiýä akdyrmaga garşy” diýipdi.

Birleşen Ştatlar Tähranyň gaznasyna girdeji getirjek ylalaşyklara garşy çykyp gelýär. Ýöne Waşington Eýran bilen Gazagystanyň nebit swap ylalaşygyna, ýa-da onuň Türkmenistan bilen gaz swap ylalaşygyna garşy çykmaýar, sebäbi bu ylalaşyklarda girdejiniň esasy bölegi Eýranyň gaznasyna girmeýär.

Ýöne Pakistana akdyryljak gazy türkmen gazy diýip mahabatlandyrmak bilen Eýran Pakistana “Parahat” gaz geçirijisiniň Pakistan böleginiň gurluşygyny tamamlatjak bolýandyr.

Ýöne, aradan 10 ýyl geçensoň “Parahatdan” anyk kimiň gazynyň akjagy soragly ýagdaý.

29-njy aprelde Araki agzalýan teklibi ilkinji gezek jemgyýetçilige aýan etdi, ýöne onuň belliklerinden teklibiniň has ozal hödürlenendigini aňsa bolýar. “Biz swap ylalaşygy esasynda türkmen gazyny Pakistana akdyrmaga taýýardygymyzy Türkmenistana aýtdyk, ýöne heniz olar jogap bermedi” diýip, Araki aýtdy. Bu gürrüňlerden Rohaniniň Aşgabada eden soňky saparynyň dowamynda bu teklibiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny çaklasa bolýar.

Indiki sorag: TOPH babatada Türkmenistan özüne nä derejede ynamly?

Berdimuhamedow TOPH-yň 2019-njy ýyla çenli tamamlanjakdygyny aýdyp gelýär. Ýöne, köpler munuň şeýle boljakdygyna şübheli garaýar.

Türkmenistan häzir maliýe serişdelere mätäçlik çekýäne çalym edýär we gysga wagtda pul tapmak üçin Eýranyň hödürleýän teklibi hakykata iň ýakyn wariant bolmagy mümkin. Ýöne,Türkmenistanyň swap ylalaşygy esasynda öz gazyny Eýranyň üstünden Pakistana satmaga isleg bildirmegi TOPH taslamasyna agyr urgy bolar. Sebäbi Eýrandan Pakistana, belki-de soňlugy bilen ondan Hindistana çekilýän gaz geçirijiniň işe girizilmegi diýmek Pakistan we Hindistanyň gözünde TOPH-yň gymmatyny gaçyrar.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlygyň pozisiýasyny aňlatmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG