Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakly türkmenler parlament saýlawlaryndan nämä garaşýar?


Yrakly türkmenler ýurduň premýer-ministri Haider al-Abadi bilen duşuşýar. Arhiw suraty.
Yrakly türkmenler ýurduň premýer-ministri Haider al-Abadi bilen duşuşýar. Arhiw suraty.

Yraklylar parlament saýlawlaryna barýar. 12-nji maýda geçiriljek umymy saýlawlarda ýurduň Wekiller geňeşiniň 329 agzasy saýlanar we olar hem öz gezeginde Yragyň prezidentini, premýer-ministrini saýlar.

Yrak dünýä türkmenleriniň hem kowçum bolup ýaşaýan ýurtlarynyň biri bolup durýar.

Ýerli synçylar ýurduň Kerkuk, Erbil, Mosul, Talafar, Diýala, Tuzhurmatu, Altynköprü ýaly ýerlerinde köpçülik bolup ýaşaýan türkmenleriň sanynyň takmynan 3,5 milliona ýetýändigini öňe sürýärler.

Eýsem, Yrakda 12-nji maýda geçiriljek umumy saýlawlara bu ýurtdaky türkmenler nähili taýýarlyk görýärler we ondan nähili netijelere garaşýarlar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny yrak türkmenleriniň syýasy tejribelerine we 12-nji maýda geçiriljek umumy saýlawlara görýän taýýarlyklaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz pikirdir-tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Yrakly türkmenler parlament saýlawlaryndan nämä garaşýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:38 0:00

XS
SM
MD
LG