Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinýan Ermenistanyň dolandyryjy partiýasy bilen hyzmatdaşlyk mümkin diýýär


Nikol Paşinýan parlament fraksiýasy bilen duşuşyk geçirýär. 3-nji maý. 2018.
Nikol Paşinýan parlament fraksiýasy bilen duşuşyk geçirýär. 3-nji maý. 2018.

Ermenistanyň oppozisiýa lideri Nikol Paşinýan özüniň, eger-de ýurduň geljekki premýer-minsitri bolsa, dolandyryjy Respublika partiýasy bilen hyzmatdaşlygy düýpden ret etmejekdigini aýtdy.

"Biziň mümkin bolan hyzmatdaşlygymyz anyk syýasy ýagdaýa bagly bolar” diýip, Paşinýan 5-nji maýda žurnalistlere aýtdy.

“Bizi gelejege alyp gitjek bir topar potensial ýagdaý bar” diýip, ol öz esasy maksadynyň “ýaraşyk hökümetini döretmekden ybaratdygyny” belledi.

Kawkaz ýurdunda soňky birnäçe hepde bäri ýaýbaňlanan köçe protestlerine ýolbaşçylyk eden Paşinýan birden ýokary galyp, premýer-minsitriň kürsüsine eýe boljaga çalym edýär.

Hökümete garşy protestler dolandyryjy Respublika partiýasynyň lideri we ozalky prezident Serž Sarkisýany parlament tarapyndan bu wezipä saýlananyndan birnäçe gün soň premýer-ministrlikden çekilmäge mejbur etdi.

Sarkisýan on ýyl prezident boldy, emma möhlet çäklendirmleri onuň geçen aý prezidentlikden gitmegine getirdi. Emma muňa garamazdan, dolandyryjy partiýanyň agzalarynyň agdyklyk edýän parlamenti ony bada-bat premýerlige belledi.

XS
SM
MD
LG