Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Janyndan geçen bombaçylar Kandagarda polisiýa başlygynyň öýüne hüjüm etdi


Uruzgan-Kandagar ýoly.
Uruzgan-Kandagar ýoly.

Janyndan geçen üç bombaçy Boldak etrabynda Kandagar polisiýanyň başlygynyň öýüne hüjüm edip, azyndan iki polisiýa ofiserini öldürdi. Jeňçileriň özleri hem öldi diýip, resmiler aýtdy.

Kandahar polisiýasynyň sözçüsi Ahmad Zia Durani 5-nji maýda dpa habar gullugyna jeňçileriň 4-nji maý güni giçlik ýa-da 5-nji maý güni irden general Abdul Razigiň öýüne hüjüm edendigini, emma onuň şol wagt öýünde bolmandygyny gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, janyndan geçen bombaçy ilkinji barlag nokadynda partlaýjy goýlan ulagyny ýaryp, iki polisiýa ofiserini öldürdi. Onuň yzy bilen gelýän iki sany pyýada hüjümçi bolsa ikinji barlag nokadyna hüjüm etdi diýip, Durani aýtdy.

Häzirlikçe bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Emma ýerli polisiýa ony “Talyban” toparyndan görýär.

Şu aralykda regional resmi Azat Owganystan radiosyna “Talybanyň” demirgazyk owgan etrabyny gysga wagtlyk ele geçirendigini, emma soň onuň hökümet güýçleri tarapyndan yzyna alnandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG