Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň oppozision lideri ýurduň nobatdaky premýer-ministri saýlandy


Ermenistanyň oppozision lideri Nikol Paşiniýan

Ermenistanyň parlamenti sesleriň 59/42 gatnaşygy bilen protest lideri Nikol Paşiniýany ýurduň nobatdaky premýer-ministri saýlady.

Bu ses berişlik, häkimiýetdäki Ermenistan Respublika partiýasynyň lideri Wahram Bagdasariýan öz partiýasynyň Paşiniýana 11 ses berjekdigini yglan edenden soň geçirildi. Ermenistan Respublika partiýasynyň we oppozision kanunçykaryjylaryň sesleri netijesinde Paşiniýan premýer-ministr saýlanmak üçin zerur bolan sesler bilen üpjün edildi.

8-nji maýda geçirilen ses berişlikden öň, Paşiniýan Ermenistanyň Orsýetiň liderligindäki Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň agzasy bolup galjakdygyny we Moskwa bilen harby hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Paşiniýan Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi, Eýran, Gürjüstan, Hytaý we Hindistan bilen hyzmatdaşlygy “işjeň ösdürmegi” wada berdi.

XS
SM
MD
LG