Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedewiň premýer-ministr wezipesiniň ýene bir möhlet bilen uzaldylmagyna garaşylýar


Dmitriý Medwedew
Dmitriý Medwedew

8-nji maýda Orsýetiň Döwlet dumasynyň Dmitriý Medwedewiň premýer-ministr wezipesini ýene bir möhlet bilen uzaltmagyna garaşylýar. Bu waka prezident Wladimir Putin Medwedewiň premýer-ministr wezipesinde galmalydygyny yglan edenden bir gün soňa gabat geldi.

7-nji maýda alty ýyl möhlet bilen täzeden prezidentlige kasam eden Putin resmi inaugurasiýadan sanlyja sagat soň, bu baradaky kararyny parlamentiň aşaky öýüne ugratdy.

Orsýetiň Döwlet dumasynda Putiniň “Birleşen Orsýet” partiýasy agdyklyk edýär. Medwedew bu partiýanyň başlygydyr.

Orsýetiň parlamentiniň 8-nji maýdaky ýygnagynyň Moskwa wagty günortan sagat 3-de başlamagyna garaşylýar.

Orsýetiň konstitusiýasyna laýyklykda, täze prezidentlik möhleti başlanda ýurduň hökümeti işden çekilmäge borçludyr.

XS
SM
MD
LG