Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýadaky dikuçar heläkçiliginde iki rus piloty öldi


Orsýetiň “Ka-52” kysymly dikuçary howa zarbalaryny amala aşyrýar. 2016 ý.
Orsýetiň “Ka-52” kysymly dikuçary howa zarbalaryny amala aşyrýar. 2016 ý.

7-nji maýda Siriýanyň gündogarynda rus harby dikuçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde pilotlaryň ikisi hem öldi diýip, Orsýetiň Goranmak ministrligi aýdýar.

Ministrligiň maglumatynda heläkçiligiň bolan mahaly, “Ka-52” kysymly dikuçaryň adaty uçuşy ýerine ýetirýändigi we gözleglerden soňra pilotlaryň jesetleriniň tapylandygy bellenilýär. Heläkçilige tehniki näsazlygyň sebäp bolan bolmagy ähtimal diýlip, beýanatda nygtalýar.

Bu şu aý Siriýada rus pilotlarynyň heläk bolmagy bilen baglanyşykly ikinji wakadyr. 3-nji maýda Siriýada Orsýetiň “Su-30SM” söweş uçary ýokary galandan gysga wagt soň heläkçilige uçrapdy. Şonda uçardaky ekipaž agzalarynyň ikisi hem ölüpdi.

Şol uçar heläkçiligine asmandaky guşuň sebäp bolan bolmagy ähtimal diýip, rus harbylary aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG