Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň Eýranyň ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny mälim etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň 2105-nji ýylda baglaşylan Eýranyň ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny mälim etdi.

Tramp Eýranyň rezimine garşy ABŞ-nyň “ýokary derejeli ykdysady sanksiýalarynyň giriziljekdigini” mälim etdi.

ABŞ-nyň we dünýäniň beýleki iri bäş döwletiniň gatnaşmagynda gelnen ylalaşyga görä, Tähranyň ýadro programmasyny togtatmagynyň öwezine, Eýrana garşy girizilen sanksiýalar gowşudalypdy.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Trampyň çykyşyna jogap edip, Tähranyň özüniň ýadro programmasyny ýaňadandan ýola goýmaga taýýardygyny aýtdy.

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron Fransiýanyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň Trampyň Ylalaşykdan çykmak kararyna gynanýandyklaryny belledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG