Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Trampyň ýadro ylalaşygyndan çykmak kararyna gahar-gazap bildirdi


Eýranyň kanun çykaryjylary “Amerika ölüm!” şygaryny gygyryp, ABŞ-nyň baýdagy çekilen kagyzy otladylar, Tähran, 9-njy maý, 2018.

Eýran ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygyndan çykmak kararyna gahar-gazaply reaksiýa bildirdi. Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşygy saklamagyň ugrunda tagalla edipdi.

Eýranyň kanun çykaryjylary 9-njy maýda parlamentde “Amerika ölüm!” diýen şygarlary gygyryp, ABŞ-nyň baýdagy çekilen kagyzy otladylar. Parlamentiň spikeri Ali Larijani ylalaşygy gorap saklamagyň jogapkärçiliginiň ÝB-niň we ylalaşyga gol çeken beýleki dünýä ýurtlarynyň boýnunda galýandygyny belledi.

Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei Trampyň “ýalňyşlyk goýberendigini” aýtdy.

Tramp 8-nji maýda eden çykyşynda Eýran babatynda sanksiýalary dikeltmekçidigini mälim etdi.

Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda ABŞ-nyň we dünýäniň bäş ýurdunyň Eýran bilen baglaşan ylalaşygynda sanksiýalaryň aradan aýrylmagy göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG