10-njy maýda Gazagystanda syýasy tussaglary boşatmak boýunça geçirilen iki sany ýörişde onlarça adam tussag edildi.
Astanada demonstrantlar daşary ýurt ilçihanalarynyň köpüsiniň ýerleşýän etrabynda geçiren protest çykyşynda “Syýasy tussaglara azatlyk!” we “Hökümete utanç!” mazmunly şygarlary öňe sürdüler.
Ýurduň iň uly şäheri Almatyda protestçiler syýasy tussaglaryň portretlerini göterip, “Gynamalary bes ediň!” diýen şygarlary öňe sürdüler. Şäherleriň ikisinde-de polisiýa sany anyk bolmadyk protestçileri tussag etdi.
Astananyň polisiýasy tussag edilenleriň sany barada soň maglumat beriljegini AÝ/AR-na aýtdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.