Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Eýranyň Siriýadaky harby nokatlaryna zarba urandygyny aýtdy


Ysraýylyň Iron Dome atly raketadan goranyş sistemasy, Golan beýiklikleri

Ysraýylyň harbylary Golan beýikliklerine edilen 20 çemesi raketaly zarbanyň yzýany Eýranyň Siriýadaky harby nokatlarynyň “onlarçasyny” nyşana alandygyny aýtdylar.

Ysraýyl Golan beýikliklerine edilen hüjüme Eýranyň rewolýusion gwardiýasynyň ýolbaşçysy Kassem Soleimaniniň görkezme berendigini aýdýar.

Ysraýylyň harby sözçüsi general-leýtenant Jonathan Konrikusyň 10-njy maýda irden Ierusalimde žurnalistlere aýtmagyna görä, Ysraýylyň goşuny Eýranyň aňtaw gulluklarynyň, transport we ulag ulgamlarynyň ulanýan nokatlaryny we ammarlarynyň ýerleşýän ýerlerini ýagny Ysraýylyň özüne garşy zarbalaryň edilen bolmagyny güman eden ýerlerini nyşana alypdyr.

Ysraýylyň harbylarynyň resmi wekili Konrikus munuň Ysraýylyň harbylarynyň soňky ýyllarda amala aşyran iň uly operasiýasy bolandygyny aýtdy.

Eýran Ysraýyl tarapyndan öz adyna edilen aýyplamalara jogap bermedi. Emma Siriýanyň goşuny we mediasy Ysraýylyň amala aşyran zarbalaryna güýçli gaýtargy berlendigini we raketalaryň ençemesiniň urlup gaçyrylandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG