Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny ykrar edýändigini tassyklady


Eýranyň nebit eksporty boýunça desgasy, Pars aýlagyndaky Khark adasy
Eýranyň nebit eksporty boýunça desgasy, Pars aýlagyndaky Khark adasy

Hytaý Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny ykrar edýändigini tassyklap çykyş etdi we Tähranyň nebit eksportunyň üçden bir bölegini satyn almagyny dowam etdirjekdigini belledi.

Hytaýyň daşary işler ministri Geng Şuang “biz ABŞ-nyň bu kararyna gynanç bildirýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda gol çekilen ylalaşykdan çykmak kararyna garamazdan, Tähran bilen ylalaşyga gol goýan beýleki dünýä ýurtlarynyň hatarynda Hytaýyň hem dokumenti ykrar edýändigini aýdýan wagtynda Saud Arabystany Waşingtonyň kararyny goldap çykyş etdi.

Eýranyň regiondaky bäsdeşi Saud Arabystany ABŞ-nyň ylalaşykdan çykmagyny makullady we sanksiýalaryň dikeldilen ýagdaýynda Tähranyň nebit eksportynyň azalmagynyň öwezini öz nebiti bilen dolmaga taýýarlyk bildirdi.

XS
SM
MD
LG