Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň žurnalistine edilen hüjüm Türkmenistanyň BMG-däki ynandyrmalaryny ýalana çykarýar


Soltan Achilova
Soltan Achilova

Azatlygyň baýry habarçysy Soltan Açylowa zorlukly hüjüm edilmeginden iki gün ozal Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýurtda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalistlerine yzygiderli basyş edilmeýändigini öňe sürüp eden çykyşyny AÝ/AR ýazgarýar. Açylowa soňky bir ýylyň dowamynda sekizinji gezek hüjüm edilýär.

7-nji maýda BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň Türkmenistan boýunça geçiren Ženewadaky diňlenişiginde daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew “Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň ýurtda erkin iş alyp barmagy Türkmenistanda media azatlygynyň bardygyna güwä geçýär” diýdi. Hajyýew Azatlygyň habarçylarynyň “hiç hili çäklendirmelere, hiç hili gorkuzmalara ýa-da yzarlamalara” sezewar edilmezden maglumat çap edýändiklerini sözüniň üstüne goşdy.

AÝ/AR-yň prezidenti Tomas Kent Açylowa edilen hüjüme salgylanyp, ministriň beýanatyny “gabahatçylykly we ynsaba garşy” häsiýetlendirdi.

2014-2016-njy ýyllar aralygynda biziň 6 habarçymyz döwletiň bilkastlaýyn guramagynda ýerine ýetirilen gorkuzmalar we ar-alyş kampaniýalary sebäpli işini taşlamaga mejbur boldy. Beýleki bir habarçymyz, Saparmämmet Nepesgulyýew neşe serişdeleri bilen bagly aýyplamalar esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Biz bu aýyplamalaryň toslamadygyna we ondan žurnalistiki işi sebäpli ar-alnandygyna ynanýarys. AÝ/AR-yň beýleki habarçylary we olaryň maşgala agzalary türme tussaglygyna, gynamalara we psihiki basyşlara sezewar edildi” diýip, Kent aýtdy.

9-njy maýda 68 ýaşly Açylowa “Ýeňiş baýramy” mynasybetli Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Ýadygärlikler toplumyndaky Baky ot ýadygärligine gül goýmak dabarasyny surata düşürmäge baranda, onuň daşyny raýat eşiginde birnäçe adam gabap, onuň surat almaly däldigini aýdýarlar we alan suratlaryny pozmagy talap edýärler. Soňra raýat eşiklileriň hataryna üç sany polisiýa işgäri goşulýar. Açylowa raýat eşiklileriň ýörite gullugyň işgärleridigini aýdýar.

“Haçan-da men mundan ýüz öwürenimde, olaryň iki sanysy, hersi bir goltugymdan tutup, meni aşaklygyna süýräp alyp gaýtdylar” diýip, özüniň gödek kemsidilendigini, özüne “watan dönügi” diýlendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Olar ony maşyna dykyp, “suratlary öçürmeseň, onda sumkaňda narkotik serişdesi bar diýip, tussag ederis” haýbatyny atýarlar. Açylowa özüniň jemgyýetçilik düzgünini bozmandygyny aýdyp, garşy çykanda olar onuň elinden kamerasyny alyp, suratlary özleri pozýar. Gürrüňi edilýän adamlar žurnalistden Azatlyk Radiosy üçin işlemegi bes etmegi talap edip, ony iki sagat saklaýarlar we soňra-da goýberýärler.

Açylowa adaty türkmen raýatlarynyň durmuş tejribelerinden habar berýän fotosuratlary bilen Azatlyk Radiosyna işläp gelýär. Ol polisiýanyň, garakçylaryň we beýleki şahsyýeti näbelli hüjümçileriň fiziki hüjümlerine sezewar boldy.

Açylowa edilen hüjümlere AÝ/AR-yň prezidenti Kent geçen iýul aýynda reaksiýa görkezip, “türkmen hökümeti derhal Soltan Açylowany yzarlamagy bes edip, onuň howpsuzlygyny üpjün etmeli” diýipdi.

Freedom House guramasy dünýädäki media azatlygynyň ýagdaýy boýunça 2017-nji ýylda ýaýradan hasabatynda Türkmenistana Demirgazyk Koreýa bilen deň baha berdi. “Serhetsiz reportýorlar” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça 2018-nji ýylda ýaýradan hasabatynda, Türkmenistany 180 ýurduň arasynda Demirgazyk Koreýa we Eritreýadan soň 178-nji orunda ýerleşdirdi.

Halk arasynda Azatlyk Radiosy diýlip tanalýan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy 65 ýyl bäri türkmen dilinde gepleýän diňleýjilerini senzurasyz maglumatlar we habarlar bilen üpjün edip, döwletiň media monopoliýasyna alternatiwa hödürleýär. Gullugyň habar saýty we sosial sahypalary halk arasynda giň meşhurlyga eýedir.

XS
SM
MD
LG