Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel: ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy global tertibe ynamy gowşadýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Muenster, 11-nji maý, 2018.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Muenster, 11-nji maý, 2018.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 11-nji maýda eden çykyşynda ABŞ-nyň Eýran bilen ýadro ylalaşygyndan çykmak baradaky kararynyň global tertibe bolan ynamy gowşadýandygyny aýtdy.

Merkel Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirip, Tähran babatyndaky sanksiýalary ýatyrmak boýunça ylalaşygyň kämil bolmakdan daşdadygyny aýtdy, ýöne BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan ykrar edilensoň ondan “birtaraplaýyn çykmaly” däldigini nygtady.

Şeýle-de, Angela Merkel Eýran bilen ylalaşygy güýjünde saklamak barada 11-nji maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Merkel 18-nji maýda Moskwa sapar eder. Bu barada Kremliň geňeşçisi Ýuriý Uşakow aýtdy.

Moskwa Eýranyň ylalaşykda galmagy ugrunda Tähran bilen ýakyndan işleşýär.

XS
SM
MD
LG