Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Eho Moskwy” radiosynyň žurnalistini pyçaklan psihiatriki bejergä höküm edildi


Boris Gritsiň sud işi 18-nji aprelde başlanypdy.
Boris Gritsiň sud işi 18-nji aprelde başlanypdy.

Moskwanyň sudy geçen ýyl “Eho Moskwy” radiosynyň žurnalistini pyçaklan adamy psihiatriki bejergä höküm etdi.

Boris Gritsiň sud işi 18-nji aprelde başlanypdy. Sud Gritsiň psihiki taýdan kadasyzdygyny belläp, onuň eden etmişi üçin jogapkärçilige çekilip bilmejekdigini aýtdy.

Grits Tatýana Felgengaueri öldürmek islemändigini aýtsa-da, ony üç gezek, ýagny boýnuna, kellesine we eline pyçak urandygyny boýun aldy.

“Eho Moskwy” radiosynyň alyp baryjysy we redaktorynyň orunbasary Felgengauer 23-nji oktýabrda amala aşyrylan hüjümde aman galdy.

Grits radio stansiýanyň Moskwadaky baş edarasyna girip, garawullaryň gözlerine srpeý sepip, Felgengauere hüjüm etmekde aýyplanypdy.

Grits derňewçilere Felgengauer bilen bäş ýyllap “telepatiki gatnaşykda” bolandygyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG