Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň söweş uçarlary rus bombalaýjy uçarlaryny nazara aldy


F-22 kysymly söweş uçary

ABŞ-nyň iki sany söweş uçary Alýaskanyň kenaryndaky halkara howa zonasynda Russiýanyň iki sany bombalaýjy uçaryny nazara.

Russiýanyň TU-95 “Aýy” kysymly uçarlary Alýaskanyň günbatar kenaryndan 300 kilometr uzaklykdaky Howa Hüjüminden Goranyş Identifikasiýa Zolagy atlandyrylýan giňişlige giripdirler. Bu barada Demirgazyk Amerikanyň Aerogiňişlik Goranyş Kommandowaniýesiniň metbugat-wekili CNN telekanalyna beýanat ýollady.

F-22 kysymly iki sany söweş uçary rus bombalaýjy uçarlaryny, zolagy terk edýänçäler, nazarlarynda saklapdyrlar. Rus uçarlary hiç haçan ABŞ-nyň howa giňişligine girmediler diýip, beýanatda nygtalýar.

Iki sany F-22 kysymly uçar 40 minutlap halkara howa giňişliginde rus bombalaýjy uçarlarynyň ýanynda uçdy diýip, RIA habar gullugy Russiýanyň Goranmak ministrligini sitirledi. ABŞ-nyň uçarlary rus bombalaýjy uçarlaryna 100 metrden golaý gelmediler diýip, rus harbylary maglumat berdi.

XS
SM
MD
LG