Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda YD-nyň hüjümleri bilen ilteşikli sekiz adam ölüme höküm edildi


Eýranyň prezidenti Hassao Rohani (çepde) Tähranda terror hüjüminde heläk bolanlaryň jynazasyna gatnaşýar. 9-njy iýun, 2017 ý.
Eýranyň prezidenti Hassao Rohani (çepde) Tähranda terror hüjüminde heläk bolanlaryň jynazasyna gatnaşýar. 9-njy iýun, 2017 ý.

Eýranyň sudy “Yslam döwleti” toparynyň parlamentde we Aýatolla Ruhollah Homeiniň mawzoleýinde amala aşyran hüjümleri bilen ilteşikli sekiz adamy ölüm jezasyna höküm etdi.

2017-nji ýylyň iýunynda amala aşyrylan hüjümlerde 18 adam heläk bolupdy. Bu hüjümler bilen ilteşikli ýene-de 18 adam suduň hökümine garaşýar.

Eýran hüjümlerde öldürilen bäş jeňçiniň we janyndan geçenleriň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşendiklerini hem mälim etdi.

XS
SM
MD
LG