Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen wekiliýeti Eýranda energiýa, transport, tranzit we beýleki ugurlary maslahat etdi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşýar. Eýranyň “Mehr” habar agentliginden alnan surat
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşýar. Eýranyň “Mehr” habar agentliginden alnan surat

Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygynda 12 – 13-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň tamamlanmagy bilen Eýranyň resmi metbugat serişdelerinde Meredowyň Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, daşary işler ministri Jawad Zarif we beýleki ýokary derejeli eýranly resmiler bilen duşuşandygy habar berildi.

Читайте также на русском

Meredow bilen 12-nji maýda duşuşan Rohaniniň sözleri “Mehr” habar agentliginde sitirlenip, onuň “Eýran Yslam Respublikasy ähli goňşular, şol sanda Türkmenistan bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde tutanýerlidir. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine hiç hili päsgelçilik ýok we şol gatnaşyklaryň ähli ugurlarda pugtalandyrylmagy zerurdyr” diýendigi habar berildi.

Şeýle-de, Eýranyň prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň anyk ugurlaryny agzap, garaýol gurluşygyny hem öz içine alýan taslamalary durmuşa geçirmekde eýranly kompaniýalaryň Türkmenistana tehniki-inženerçilik hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.

Rohani ylym-bilim pudagynda hem-de häzirkizaman tehnologiýalaryny ulanmakda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini, şeýle-de iki ýurduň arasynda syýahat mümkinçiliklerini giňeldip, syýahatçylygy ösdürmegiň ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklara goşant goşjakdygyny belläpdir.

Eýranyň metbugatynda Reşit Meredowyň sözlerine-de salgylanylyp, onuň Rohani bilen geçiren duşuşygynda “iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda energiýa we üstaşyr ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilik” bar diýendigi habar berildi.

Şeýle-de, metbugatda peýda bolan habarlarda türkmen wekiliýetiniň Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif bilen duşuşandygy habar berildi. Zarif bilen Meredowyň şenbe güni, 12-nji maýda geçiren duşuşygynda birnäçe ugurlar boýunça, şol sanda gaz taslamalary, swap mümkinçilikleri, senagat, oba hojalyk, syýahatçylyk, bilim, medeniýet, Hazar deňziniň kanuny statusyny taýýarlamak, iki ýurduň kompaniýalarynyň maýa goýum mümkinçilikleri, serhet geçelgelerindäki gatnawy ýeňletmek, gümrük paçlary we garaýol hem-de demirýol pudagynda hyzmatdaşlyk ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdelerinde agzalýan saparyň mazmuny barada giňişleýin maglumat berilmeýär.

Eýranyň transport ministrliginiň resmi websaýtynda 14-nji maýda çap edilen habarda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen Eýranyň Transport ministri Abbas Ahundiniň arasynda geçirilen gepleşiklere salgylanylyp, onuň dowamynda garaýollary, demirýollary we awiasiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maslahatlaşylandygy, şeýle-de eýranly ministriň Tähran-Aşgabat, Maşat-Aşgabat ugurlary boýunça uçar gatnawlaryny ýola goýmagy teklip edendigi bellenip geçilýär

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana edýän saparynyň ikinji gününde Meredow Eýranyň parlamentiniň spikeri Ali Larijani bilen duşuşdy. “Mehr” habar gullugynyň täzeliklerinde, Larijaniniň iki ýurduň parlamentleriniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmäge taraplaryň isleg bildirýändigini aýdandygy habar berilýär.

Eýranyň Tasnim habar gullugynda, Meredowyň Eýranyň prezidentiniň diwanynyň başlygy Mahmud Waezi bilen duşuşandygy, ýygnagyň barşynda iki ýurduň arasynda bank ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maslahat edilendigini habar berilýär.

Galyberse-de, ýekşenbe güni Meredow Eýranyň nebit ministri Bijan Namdar Zanganeh bilen duşuşdy, diýip eýranyň metbugaty habar berýär.

IRNA habar agentliginiň maglumatlarynda Eýranyň transport ministri Abbas Ahundä salgylanylyp, 12 – 13-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Eýrana eden saparynyň barşynda Türkmenistanyň Eýran bilen gaz swap söwdasy boýunça ylalaşandygy habar berildi. Ýöne, swap şertnamasy esasynda Eýranyň üstünden haýsy ýurtlara türkmen gazynyň akdyrylmagy boýunça ylalaşylandygy agzalmaýar. Şol sanda, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda bank pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gazanyldy diýilýän ylalaşyklaryň jikme-jik mazmuny barada giňişleýin maglumat berilmeýär.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 27 – 28-nji martda Türkmenistana resmi sapary amala aşyrypdy.

XS
SM
MD
LG