Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza: Ysraýylyň armiýasynyň ot açmagy netijesinde azyndan 25 palestinaly öldi


Palestinaly protestçiler öz reaksiýalaryny bildirýärler. 14-nj maý, 2018 ý.
Palestinaly protestçiler öz reaksiýalaryny bildirýärler. 14-nj maý, 2018 ý.

14-nji maýda Gaza serhediniň golaýynda Ysraýylyň armiýasynyň ot açmagy netijesinde azyndan 25 palestinaly öldürildi diýip, Gazanyň Saglyk ministrligi aýdýar.

2007-nji ýyldan bäri Gazany dolandyrýan “Hamas yslamçy hereketi” agzalýan territoriýada Ysraýylyň on ýyl bäri dowam edýän gabawyny bozmak maksady bilen, soňky alty hepdäniň dowamynda köpçülikleýin protestleri geçirdi. Protestler başlany bäri jemi 67 adam öldi.

Gazanyň Saglyk ministrliginiň maglumatynda köpçülikleýin protestlerde başga-da azyndan 500 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Şu ýylyň başynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň bölünen Ierusssalimi Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar edýändigini aýtdy.

Palestinalylar Gündogar Ierussalimiň özleriniň gelejekdäki ýurdunyň paýtagty bolmagyny isleýärler.

Ysraýyl Gündogar Ierussalimi anneksiýa etdi we tutuş şäheri özüniň paýtagty yglan etdi. Bu hereket halkara jemgyýeti tarapyndan ykrar edilmedi.

XS
SM
MD
LG