Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki ‘Ýimpaş’ söwda merkeziniň binasynda sportuň olimpiýa görnüşleri fakulteti dörediler


Aşgabatdaky öňki ‘Ýimpaş’ söwda merkezi

Aşgabatda öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň binasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girjek sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy.

“Türkmenistan Altyn Asyr” neşiriniň berýän maglumatyna görä, ýerli “Ajaýyp gurluşyk” kompaniýasy tarapyndan bu binalaryň durky täzelener. Sekiz gatly “Ýimpaş” täjirçilik merkezinde Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ozalky “Ýimpaş” söwda merkeziniň jaýynda bolsa, sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Belläp geçsek, 2017-nji ýylyň başynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary bu söwda merkeziniň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň eýeçiligine berilýändigini habar beripdiler. Şonda Azatlyk Radiosyna bu maglumaty türkmen häkimiýetlerine ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başardypdy.

1999-njy ýylda açylan “Ýimpaş” söwda merkezi we onuň ýanyndaky täjirçilik merkezi türkmen häkimiýetleri tarapyndan 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ýapylypdy. Bu waka “Ýimpaş” söwda merkeziniň dürli basyşlara sezewar edilýändigi barada maglumatlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şonda türkmen häkimiýetleri “Ýimpaş” söwda merkeziniň we täjirçilik merkeziniň türkiýeli resmilerini türk dini ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşigi bolmakda aýyplady. Emma bu aýyplamalar türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç haçan resmi derejede yglan edilmedi, ýöne inkär hem edilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG