Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde türmede saklanýan ukrain kinorežissýory açlyk yglan etdi


Orsýetde türmede saklanýan ukrainaly kinorežissýor Oleh Sentsow
Orsýetde türmede saklanýan ukrainaly kinorežissýor Oleh Sentsow

Moskwanyň Krymy anneksiýa etmegine garşy çykyş eden we häzirki wagt Orsýetde türmede saklanýan ukrainaly kinorežissýor Oleh Sentsow rus tussaghanalarynda saklanýan ähli ukrain raýatlarynyň azatlyga goýberilmegini talap edip, açlyga başlaýandygyny yglan etdi.

Sentsow öz eli bilen ýazyp, aklawçysy Dmitriý Dinze beren hatynda açlyga 14-nji maýda başlandygyny aýdýar.

“Orsýetiň territoriýasyndaky ukrainaly ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagy – meniň muny soňlamagymyň ýeke-täk şertidir. Soňuna çenli bilelikde! Ukraina şöhrat!” diýip, Sentsow özüniň gysga hatynda ýazýar.

2014-nji ýylda ukrain ýarymadasynyň Orsýet tarapyndan basylyp alynmagyna garşy çykyş eden Sentsow asly krymly bolup, ol terrorçylyk aýyplamalarynda 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Sentsow we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar bu aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG