Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan kriket ýaryşynda bolan partlamalar 8 adamy öldürdi


Jalalabat stadiony. Oýunçylar oýundan öň namaz okaýarlar.
Jalalabat stadiony. Oýunçylar oýundan öň namaz okaýarlar.

18-nji maýda Jalalabat şäherindäki sport stadionynda bolan köp sanly partlamalar sekiz adamy öldürip, 45 adamy ýaradar etdi diýip, owgan resmileri aýtdy.

Partlamalar mukaddes Ramadan aýynyň başlanmgyna gabat geçirilýän kriket ýaryşy mahalynda boldy. Welaýat geňeşiniň agzasy Sohrab Kaderiniň tassyklamagyna görä, bu partlamalara iki raketanyň ýarylmagy sebäp boldy. Şeýle-de ol ölenleriň arasynda kriket ýaryşyny gurnaýjy Hidaýatullah Zaheeriň we birnäçe ýerli resminiň bardygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady. Owgan prezidenti Aşraf Gani 19-njy maýda ganly hüjümi ýazgaryp çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG