Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Tehsas ştatyndaky ýokary mekdepde bolan atyşykda on adam öldürildi


Polisiýa atyşyk bolan ýerinde derňew geçirýär.

Tüpeňli we sapançaly adam ABŞ-nyň Tehsas ştatyndaky ýokary mekdepde on adamy, şol sanda pakistanly studenti atyp öldürdi diýip, resmiler aýtdylar.

Tehsasyň gubernatory Greg Abbott güman edilýän atyjynyň partlaýjy enjamlarynyň, şol sanda molotow kokteýliniň hem bolandygyny, olaryň mekdepden we golaýdan tapylandygyny aýtdy.

Abbott bu hüjümi “Tehsas mekdepleriniň taryhynda görlen iň ýigrenji hüjümleriň biri” hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle-de ol hüjümçiniň özüni öldürmegi niýet edinendigini, emma mundan el çekip, häkimiýetlere tabyn bolup, öz janyna kast etmäge gaýrat tapmandygyny gürrüň berendigini aýtdy.

Pakistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, öldürilenleriň arasynda student alyşmasy esasynda okaýan pakistanly Sabika Şeikh hem bar. 13 müň çemesi ilatly Santa Fe şäherindäki mekdepde bolan atyşykda ölenlerden başga 10 adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG