Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan parlamenti Orsýetiň 'hapa' pullarynyň täsirini ýazgarýar


Britaniýanyň parlamenti, London

Orsýetiň “hapa” pullary Britaniýanyň Kremle garşy durmak boýunça tagallalarynyň ähmiýetini gaçyrýar we prezident Wladimir Putiniň “halkara kanunlaryna esaslanan sistemany ýok etmek” boýunça kampaniýasyny goldaýar diýip, parlamentiň hasabatynda aýdylýar.

“Bu ‘hapa pullaryň’ Beýik Britaniýanyň daşary syýasy bähbitlerine ýetirip biljek zyýanynyň möçberi Orsýetiň transaksiýalarynyň getirýän bähbitlerine kölege salýar” diýip, britan parlamentiniň Daşary syýasat boýunça komitetiniň başlygy Tom Tugendhat 21-nji maýda “Moskwanyň altyny: Orsýetiň Beýik Britaniýadaky korrupsiýasy” atly hasabatyň köpçülige hödürlenmeginiň öňüsyrasynda aýtdy.

Tugendhat Londonyň orsýetlileriň britan paýtagtynda kaşaň emläkleri satyn almagyna rugsat berip, öz bazarlary arkaly Kremliň günbatarda öz täsirini ýaýratmagyna “ýol berýändigini” duýdurdy.

Britaniýa 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzýany Orsýetiň uly mukdarly maýa goýumlarynyň esasy merkezine öwrüldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG