Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tehasda pakistanly gyzyň ýasyna ýüzlerçe adam gatnaşdy


Howpsuzlyk güýçleri ýokary mekdepde bolan ok atyşykda çäre görýärler, Santa Fe, Tehas, 18-nji maý, 2018
Howpsuzlyk güýçleri ýokary mekdepde bolan ok atyşykda çäre görýärler, Santa Fe, Tehas, 18-nji maý, 2018

Tehasyň mekdebinde bolan ok atyşykda wepat bolan pakistanly studentiň jaýlanyş çäresine ýüzlerçe adam gatnaşdy. Alyş-çalyş bilim programmasynyň studenti Sabika Şeih 18-nji maýda Santa Fe ýokary mekdebinde dörän ok atyşykda heläk boldy.

Onuň bilen hoşlaşyk çäresi 20-nji maýda Tehas ştatynyň Stafford şäherindäki Yslam merkezinde geçirildi.

Pakistanly student gyzyň Tehasda ýakynlarynyň bolmandygy sebäpli onuň jaýlanyş çäresiniň guramaçylygyny “Islamic Society for Greater Houston” atly yslam jemgyýeti amala aşyrdy we ony köpçülik üçin açyk geçirdi.

“Onuň bu ýerde maşgalasy ýok, emma biz bar we bu tutuş jemgyýet onuň hatyrasyna matam tutýar” diýip, jemgyýetiň ýolbaşçysy MJ Han aýtdy.

Pakistanly student gyz Santa Fe etrapçasynda bir maşgalada ýaşaýardy. Maşgalanyň başy Jason Kogburn öz maşgalasynyň we Sabikanyň bir birinden köp zady öwrenendigini aýdyp, özleriniň hatda agyz bekländigini belledi.

17 ýaşly Sabika ok atyşykda sekiz student we iki mekdep mugallymy bilen bilelikde wepat boldy.

XS
SM
MD
LG