Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo ABŞ-nyň Eýran babatyndaky täze strategiýasyny öňe sürer


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 21-nji maýda ABŞ-nyň Eýran babatyndaky täze strategiýasyny öňe sürer. Bu onuň geçen aýda wezipä geçeli bäri ilkinji möhüm çykyşy bolar.

ABŞ-nyň resmileri Pompeonyň Waşingtonda Miras fondunda (Herritage Foundation) etjek çykyşynda Eýran boýunça “diplomatik ýol kartasyny” mälim etjekdigini aýdýarlar. Iki hepdä golaý wagt mundan ozal prezident Donald Tramp ABŞ-nyň dünýäniň birnäçe täsirli ýurdunyň Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilendigini aýtdy.

Ylalaşyk Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmegi üçin halkara sanksiýalaryny gowşadypdy.

Birleşen Ştatlardan we Eýrandan başga bu ylalaşyga Germaniýa, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý we Orsýet gol çekipdi. ABŞ-nyň ylalaşykdan çykmak karary onuň Ýewropaly ýaranlary tarapyndan tankyt edilipdi. Ýewropa ýurtlary, Orsýet we Hytaý ylalaşykda durmagy wada berdiler.

XS
SM
MD
LG