Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda mekdep okuwçysy zorlandy


illýustrasiýa

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerli mekdebiň gyz okuwçysyny ýaňy-ýakynda goşun gullugyndan gaýdyp gelen ýerli ýigit zorlady diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp, habar berdi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý 16-njy maýda ýüze çykypdyr.

Читайте также на русском

"Lebapda, Çärjew etrabynda mekdep okuwçysy zorlandy. Ol 7-nji orta mekdebiniň 9-njy klasynda okaýar. Ol 16 ýaş töwereginde. Zorluga sezewar edilen gyzyň gurply däl maşgaladan bolup, onuň kakasynyň maýypdygy, ejesiniň bolsa maşgalasyny goýup, gazanç üçin Türkiýä gidendigi belli boldy. Zenan goňşusy olaryň ugruna seredipdir" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, jenaýatçylyga baş goşmakda güman edilýän 21 ýaşly ýigit tussag edilipdir. Gyzyň häzirki ýagdaýy nämälim galýar.

Zorluga sezewar bolan gyzyň we jenaýata baş goşmakda güman edilýän ýigidiň atlary Azatlyk Radiosyna mälim boldy, emma redaksiýa olary agzamakdan saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň anyklamagyna görä, gyzy zorlamakda güman edilýän ýigit 21 ýaşynda bolup, ol ýaňy-ýakynda goşun gullugyndan gaýdyp gelipdir.

Şeýle-de, bu agzalan hadysa gatnaşykda güman edilip, ýene iki sany ýigit saklanypdyr, emma olar soň boşadylypdyr.

Üstesine, gyzyň okaýan mekdebiniň müdiri tussag edilipdir.

"Polisiýa ähli mugallymlary polisiýa alyp bardy we birnäçe sagadyň dowamynda soraga çekdi. Olaryň ählisine geplemezlik berk tabşyryldy. Maňa mälim bolşuna görä, mekdep müdirini tussag etdiler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Soňky aýlarda Lebap welaýatynda ýaşlaryň, hususan-da, mekdep okuwçylarynyň baş goşmagynda amala aşyrylan agyr jenaýatlaryň ençemesi barada yzly-yzyna habar gowuşdy.

Şu aýyň başynda Türkmenabat şäherinde orta mekdepleriň birinde ýokary klas okuwçylarynyň arasyndaky dawa zerarly bir mekdep okuwçysynyň heläk bolandygy habar berlipdi.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky çeşmesi Türkmenabatda ýokary klas okuwçylarynyň arasynda bolan pyçaklaşma zerarly 7-nji mekdebiň bir okuwçysynyň öldürlendigini 1-nji maýda habar beripdi.

Aprel aýynda Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäherinde talaňçylyk bilen meşgullanan mekdep okuwçylarynyň bir toparynyň ele salnandygyny habar beripdi.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen polisiýa işgäri soňky döwürde okuwçylaryň arasynda şeýle hadysalaryň köpelýändigini aýtdy: “Gynansak-da, soňky döwürde okuwçylaryň arasynda jenaýatçylyk hadysalary örän köpeldi, olaryň ölüm bilen gutarýanlary hem bar. Şu sebäpden polisiýa ýokardan berk görkezme berildi: sagat 23:00-dan soň köçede görnen islendik ýetginjegi saklamaly”. Şeýle-de, polisiýa işgäri jaýlaryň howlularynda ýa köçede iki-üç bolup toparlanyşyp duran ýaş ýigitleriň hem görlen ýerinde olary dargatmaga özlerine görkezme berlendigini aýtdy.

Şeýle-de Azatlygyň regiondaky habarçylary pedofiliýa, ýagny çagalar bilen jynsy aragatnaşyga girýänleriň köpelýändigini we mekdep okuwçylarynyň zorlanmagy bilen hadysalaryň bolýandygyny habar beripdi.

"Emma häkimiýetler bolýan zatlary adamlardan ýaşyryp saklamaga çalyşýarlar. Hatda köçe-ýol hereketi bilen bagly hadysalary hem gziläp saklamaga çalyşýarlar. Bir hepde çemesi ozal Türkmenabadyň Aşgabat etrabynda ýolagçy awtobusy agdaryldy, adam pidasy hem bar diýýärler, emma häkimiýetler hiç bir maglumat bermedi” diýip, Azatlygyň çeşmesi maý aýynyň başynda habar berdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG