Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo ABŞ-nyň Eýran babatyndaky täze strategiýasyny yglan eder


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 21-nji maýda ABŞ-nyň Eýran babatyndaky täze strategiýasyny öňe sürer. Bu onuň geçen aýda wezipä geçeli bäri ilkinji möhüm çykyşy bolar.

ABŞ-nyň resmileri Pompeonyň Waşingtonda Miras fondunda (Herritage Foundation) etjek çykyşynda Eýran boýunça “diplomatik ýol kartasyny” mälim etjekdigini aýdýarlar. Iki hepdä golaý wagt mundan ozal prezident Donald Tramp ABŞ-nyň dünýäniň birnäçe täsirli ýurdunyň Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilendigini aýtdy.

Ylalaşyk Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmegi üçin halkara sanksiýalaryny gowşadypdy.

Birleşen Ştatlardan we Eýrandan başga bu ylalaşyga Germaniýa, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý we Orsýet gol çekipdi. ABŞ-nyň ylalaşykdan çykmak karary onuň ýewropaly ýaranlary tarapyndan tankyt edilipdi. Olar indi Birleşen Ştatlar çekilen hem bolsa, geleşigi öz güýjünde saklamak boýunça Tähran bilen gepleşik geçirýärler. Orsýet we Hytaý-da ylalaşykda durmagy wada berdiler.

Pompeonyň geňeşçisi Brian Hook Birleşen Ştatlaryň täze strategiýasynda “Eýrandan abanýan ähli howplary öz içine alýan bir struktura” döretmäge synanyşylýar diýdi.

“Biz muňa Eýranyň ýadro we ýaraglanyşygy ýaýratmagyndan abanýan howplary göz öňünde tutup, Eýran we region üçin ýaraglanyşygy ýaýratmazlyk we gorky arhitekturasyny döretmek üçin bir pursat diýip garaýarys” diýip, Hook 18-nji maýda aýtdy.

Hook Pompeonyň sözlejek sözi hakda dolurak maglumat bermän, ol Trampdan öňki prezident Barak Obamanyň administrasiýasy döwründe baglaşylan geleşikden “has gowy ylalaşygy” gazanmaga gönükdirilýär diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti Pompeonyň etjek çykyşndan öň Germaniýanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň daşary işler ministrleri bilen maslahat geçirendigini aýtdy.

Tramp ylalaşyk Tähranyň diňe ýadro meselelerini däl, onuň ballistik-raketa programmasyny we Orta Gündogardaky agressiw hereketlerini-de öz içine almaly diýýär. Ol şeýle hem ylalaşykdaky käbir düzgünleriň wagtyň geçmegi bilen kanuny güýjüni ýitirýändigini tankytlaýar.

Ýewropa ýurtlary Waşingtony ylalaşykda galmaga näçe çagyrsalar-da, Tramp 8-nji maýda geleşikden çekilýändigini yglan edeninde ylalaşygyň çäginde ýatyrylan sanksiýalary-da täzeden girizjekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň gazna departamenti ýewropaly kompaniýalara täze sanksiýalar güýje girmezden öň Eýran bilen bolan söwda işlerini togtatmak üçin 90 gün wagt möhletiniň berlendigini mälim etdi.

Ýewropanyň ýolbaşçylary indi Bireleşen Ştatlaryň Eýran baradaky täze sanksiýalaryndan sypyp, bu sanksiýalaryň Tähran bilen söwda edýän ýewropaly kompaniýalara agyr zyýan ýetirmeginiň öňüni almagyň ýollaryny agtarýarlar.

18-nji maýda Ýewropa Komissiýasy Birleşen Ştatlaryň sanksiýalarynyň täsirine uçramazlyk üçin Ýewropa Bileleşigindäki ýurtlaryň nebit töleglerini Eýranyň Merkezi bankyna göni tölemegini teklip etdi.

XS
SM
MD
LG