Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa Damaskyň hökümetiň doly gözegçiligine geçendigini aýdýar


Damaskyň etegindäki hökümet güýçleri.

Siriýa harbylary, 2011-nji ýylda başlanan graždançylyk urşundan bäri ilkinji gezek, paýtagt Damaskyň “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçilerinden doly azat edilendigini aýtdylar.

Döwlet telewideniýesinde esgerleriň harabalyga öwrülen jaýlaryň üstünde Siriýanyň baýdagyny galgadýan görnüşleri görkezildi.

Eýranyň goldaýan harbylary, şol sanda Liwanyň Hizballah topary, Russiýanyň harby howa güýçleri prezident Başar al-Assadyň hökümetine Damasky, şeýle-de ýurduň demirgazyk we merkezi sebitlerini öz gözegçiligine geçirmegine uly goldaw berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG