Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda benzin gytçylygy transportyň gymmatlamagyna getirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndaky ýangyç guýujy stansiýalarda benzin gytçylygynyň emele gelendigini, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleri habar berýärler.

“Häzir ýangyç guýujy beketlerde A-92 markaly we A-80 markaly benzin seýrek tapdyrýar. Bu ýangyç gytçylygyny Daşogzuň ähli etraplarynda, hususan-da, Daşoguz şäherinde we Gurbansoltan eje etrabynda görse bolýar. Ýöne bu gytçylyk Ruhybelent etrabynyň ýangyç bekedinde has-da köp duýulýar. Sebäbi bu ýangyç beketden Aşgabada kireý edýän hususy taksiler we daşary ýurtlaryň ýük ulaglary öz ulaglaryna ýangyç guýýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, benzin ýetmezçiligi welaýatyň käbir edara-kärhanalarynda işiň bökdemegine, şol sanda döwlete degişli jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawynyň çäklendirilmegine getirdi.

“Şu ýylky gowaça ekiş möwsüminde, welaýatdaky oba-hyzmat kärhanalarynda dizel ýetmezçilik etdi. Oba-hojalyk we kommunal hyzmat tehnikalary 15 günden bäri öz işlerini duruzdy. Ekin meýdanlaryndaky hatarlarda bejergi işleri geçirilmeýändigi sebäpli pagta ekişi bökdeýär. Ýol gurluşyk, un zawodlarynyň işi hem togtady. Döwlet awtobuslary welaýatdaky ähli gatnawda hyzmat etmeýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, jemgyýetçilik transport serişdeleriniň gatnawynyň çäklendirilmegi adamlaryň köpüsiniň hususy taksileriň we mikroawtobuslaryň hyzmatyndan peýdalanmagyna getirdi. Munuň netijesinde, hususy taksileriň we mikroawtobuslaryň kireý nyrhlary ençeme esse gymmatlady.

“Hususy taksileriň we mikroawtobuslaryň bahasy 4-5 esse gymmatlady. Adamlar, esasan-da, obalardan her gün etrap we welaýat merkezine işe gatnaýanlar gaty nägile bolýar. Hususy kireý edýän ulaglaram tapmak kynlaşdy. Gymmatlygy bir ýana, münmäne tapylsa bolýar diýdirýän döwür boldy. Saparmyrat Türkmenbaşy etraby bilen Daşoguz şäheri aralygyna öň 5 manat bilen gatnaýan mikroawtobuslaryň kireýi 25-30 manada çykdy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Daşoguz şäheriniň ýangyç guýulýan stansiýalaryndaky käbir işgärler Azatlygyň ýerli çeşmelerine ýangyç gytçylygynyň sebäplerini “benziniň gymmatlamak ähtimallygynyň bardygy, şeýle-de, döwlete degişli kärhanalaryň tehnikalaryna berilýän dizeliň we benziniň hem bahasynyň ýokarlanjakdygy” bilen düşündirdiler.

Azatlyk Radiosyna bu öňe sürmeleri häzirlikçe türkmen resmilerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Şeýle-de, Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynyň ýangyç guýulýan stansiýalarynda benzin ýetmezçiligi we onuň sebäpleri barada “Türkmen nebit önümleri” edarasy bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý hem alyp bilmedi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň merkezi şäherindäki we etraplaryndaky ýangyç guýulýan stansiýalarda benzin gytçylygynyň emele gelendigi barada Azatlyk Radiosy şu ýylyň fewral aýynda hem habar beripdi.

Şonda Azatlygyň bu welaýatdaky çeşmeleri A-95 markaly benziniň tapdyrmaýandygyny, ýangyç guýulýan stansiýalara seýrek gelýändigini, ýöne onuňam bir sagada ýetmän gutarýandygyny gürrüň beripdiler.

Söhbetdeşimiziň tassyklamagyna görä, Azatlygyň bu barada taýýarlan makalasyndan soň, Türkmenistanyň ykdysady jenaýatlara garşy gullugy ýurduň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Köneürgençdäki edarasynda derňew geçirip, 600 tonna golaý benziniň ogurlanandygyny anyklady. “Şondan soň bu edaranyň ýangyç guýujy bekediniň başlygy Döwlet Ataýew eli gandally prezidentiň ýygnagynda görkezildi” diýip, çeşmämiz aýdýar.

Şu ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanda benziniň bahasy 50% gymmatlady. Ýurtda ozal 1 manatdan satylan A-95 markaly ýangyjyň 1 litri 1,5 manat, öň 94 teňňeden satylan A-92 markaly benzin 1,35 manat bahalanmaly edildi.

XS
SM
MD
LG