Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nawalnyýnyň YouTube kanalynyň alyp baryjysy 30 gün türme tussaglygyna höküm edildi


Tussaglykdaky oppozision syýasatçy we korrupsiýa garşy aktiwist Alekseý Nawalnyýnyň YouTube kanalynyň alyp baryjysy Ruslan Şaweddinow

Tussaglykdaky oppozision syýasatçy we korrupsiýa garşy aktiwist Alekseý Nawalnyýnyň YouTube kanalynyň alyp baryjysy Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine garşy geçirilen köpçülikleýin protestler bilen baglanyşykly 30 gün türme tussaglygyna höküm edildi.

Ruslan Şaweddinow özüniň Moskwadaky öýüniň daşynda polisiýa tarapyndan 22-nji maýda tussag edildi we Twerskoý polisiýa merkezine alnyp gidildi.

Şaweddinow sud zalynyň gapysynyň öňünde surata düşüp, “30 gün. Men sizi ýurdumyzyň gelejegi ugrundaky göreşe gatnaşmaga çagyrmagy dowam etdirerin” diýip, Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Nawalnyýnyň Korrupsiýa garşy fondunyň aklawçysy Iwan Žadanowyň aýtmagyna görä, Şaweddinow Putiniň gaýtadan prezidentlige saýlanmagyna garşy Nawalnyý tarapyndan 5-nji maýda geçirilen ýörişiň guramaçylarynyň biri bolmakda aýyplanýar.

Nawalnyýnyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş Şaweddinowyň bähbitlerini goramak üçin polisiýa merkezine baranda, özüniň hem tussag edilendigini Twitter sosial ulgamyndan habar berdi.

Putiniň 7-nji maýda geçirilen prezidentlige kasam ediş dabarasynyň öňýanynda, 41 ýaşyndaky Nawalnyý “Ol biziň patyşamyz däl” diýen şygar astynda öz tarapdarlaryny köpçülikleýin köçä çykmaga çagyrypdy.

Orsýetde geçirilýän köpçülikleýin protestler döwründe polisiýanyň tussag etmelerine syn edýän garaşsyz “OVD-Info” toparynyň maglumatyna görä, şol ýörişlerde 1,612 adam, şol sanda Nawalnyýnyň özi hem tussag edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG