Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemes daşary işler ministri ABŞ-da Eýranyň ýadro ylalaşygyny maslahat eder


Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas
Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas

23-nji maýda Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maasyň Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyp, Waşingtonyň 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyndan çykmagynyň netijeleri barada gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Maas Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) we Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy John Bolton bilen duşuşar. Bu duşuşyk, Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy “taryhdaky iň güýçli sanksiýalary” girizjekdigini wada bermeginden iki gün soňa gabat geldi.

Tramp “Eýran Ýakyn Gündogarda söweşiji ýowuzlyklaryny maliýeleşdirmek we ballistik raketalary synagdan geçirmegi dowam etdirmek arkaly” ylalaşygyň ruhuny, özenini bozdy” diýip, 8-nji maýda ylalaşykdan çykdy.

Germaniýa, Britaniýa we Fransiýa hem-de ýadro ylalaşygyna gol goýan beýleki iki döwlet – Hytaý we Orsýet – bilen bilelikde ylalaşygy halas etmäge synanyşýarlar. 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşyga görä, Tähran özüne garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagynyň öwezine, özüniň ýadro programmasyndan el çekmelidi.

“Biz Germaniýada, şeýle-de Ýewropada ylalaşygy saklamak we Eýrany bu ylalaşykda saklap galmak üçin zerur bolan ähli zady etmäge taýýar” diýip, 22-nji maýda Maas kongresiň wekilleri bilen geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.

23-nji maýda fransuz daşary işler ministri Fransiýa Eýranyň ballistik-raketa programmasynyň we regiona agalyk etmek maksatlarynyň çäklendirilmelidigi babatynda Birleşen Ştatlar bilen ylalaşýan bolsa-da, Pariž ylalaşygy berjaý etmegi dowam etdirer diýdi.

“Biz bu usul bilen ylalaşmaýarys, sebäbi Eýranyň garşysyna giriziljek sanksiýalar topary özara dialoga rugsat bermez. Tersine, bu konserwatiwleri gaýtadan güýçlendirip, gepleşikleriň geçirilmegini isleýän prezident [Hassan] Rohanini gowşadar” diýip, fransuz daşary işler ministri Le Drian “France Inter” radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

“Netijede, bu pozisiýa regiony şu häzirkiden-de has howply ýagdaýda goýup biler” diýip, ol belledi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo özüniň 21-nji maýda eden çykyşynda Tähran bilen gelinjek islendik, şol sanda onuň Siriýadaky, Liwandaky we Ýemendäki ýaragly toparlara goldawyny çäklendirýän täze ylalaşygyň şertlerini kesgitledi.

13-nji maýda Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy John Bolton Eýranda “režimi çalyşmak” ABŞ-nyň administrasiýasynyň häzirki syýasatynyň bir bölegi bolup durmaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG