Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ türkmen pagtasynyň importyny gadagan etdi


Türkmenistanyň pagta meýdanlaryndaky ýaş çagalar.
Türkmenistanyň pagta meýdanlaryndaky ýaş çagalar.

ABŞ Türkmenistanda öndürilen pagta we bu ýurduň pagtasyndan taýýarlanan önümleriň ähli görnüşiniň ýurda import edilmegine gadagançylyk girizdi.

Читайте также на русском

Bu baradaky karar 2016-njy ýylda “Cotton Campaign” toparynyň agzalary, ýagny “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” we Zähmet hak-hukuklary boýunça halkara Forumy tarapyndan iberilen degişlilikdäki arza esaslanýar. Mundan soň, ABŞ-nyň gümrük we serhet gullugy özüniň derňewini geçirdi.

Netije: Türkmenistanda pagta we pagta önümleri mejbury zähmetiň ulanylmagy netijesinde öndürilýär. Muňa görä-de, olar ABŞ-a getirilende, olar tussaga degişlidir.

Adam hukuklaryny goraýan birnäçe guramalardan emele gelen “Cotton Campaign” bileleşigi ABŞ-nyň türkmen pagtasy baradaky kararyny gutlady.

Türkmenistan ýaly ýurtlarda gowaça meýdanlarynda çagalaryň, mugallymlaryň, saglyk işgärleriniň we beýlekileriň mejbury işledilmegi ýaly faktlara halkara derejesinde iş alyp barýan hukukçy aktiwistler, şol sanda “Cotton Campaign” hem ullakan alada bildirip gelýärler.

Mundan owal, dünýäniň belli, şol sanda H&M, IKEA ýaly söwda markalary hem, mejbury zähmetiň ulanylýandygy sebäpli, türkmen pagtasyndan ýüz öwrüpdiler.

XS
SM
MD
LG