Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara derňew topary: MH17 ‘Orsýetiň zenit raketa brigadasy’ tarapyndan urlup ýykyldy


Gollandlaryň ýolbaşçylygyndaky halkara jenaýat derňew topary 2014-nji ýylda Ukrainanyň howa giňişliginde Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli ýolagçy uçaryny urup ýykan BUK raketa ulgamynyň Orsýetiň 53-nji zenit raketa brigadasy tarapyndan atylandygyny aýtdy.

Awstraliýanyň, Belgiýanyň, Malaýziýanyň, Niderlandlaryň we Ukrainanyň häkimiýetlerinden düzülen Bilelikdäki derňew topary (JIT) bu barada 24-nji maýda Niderlandlaryň Utreht şäherinde geçiren metbugat konferensiýasynda mälim etdi.

MH17 gatnaw belgili uçar 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Ukrainanyň Donetks regionyndaky konflikt zonada urlup ýykylypdy. Şonda uçardaky 298 ýolagçynyň we ekipaž agzalarynyň ählisi heläk bolupdy.

Bu uçar heläkçiligini derňeýän we düýbi Britaniýada ýerleşýän “Bellingcat” topary, derňewçiler tarapyndan uçary urup ýykandygy aýdylýan raketanyň 53-nji zenit raketa brigadasyndan gelip çykan ýaly görünýändigini eýýäm mälim edipdi.

Moskwanyň Ukrainadaky Kiýew hökümetine garşy göreşýän separatistlere harby, ykdysady we syýasy goldaw berendigi baradaky degerli delillere garamazdan, Orsýet Ukrainanyň içerki meselelerine goşulyşýandygy baradaky maglumatlary ret edip gelýär.

“Bellingcat” toparynyň 25-nji maýda Gaagada metbugat konferensiýasyny geçirip, bu derňewler boýunça täze hasabaty köpçülige hödürlemegine garaşylýar.

Orsýet we Ukrainadaky separatistler MH17 uçarynyň urlup ýykylmagy barada birnäçe başga teoriýalary öňe sürdiler. Ýöne şol teoriýalaryň ählisi derňewçiler tarapyndan ret edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG