Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin we Makron Sankt-Peterburgda duşuşýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we onuň fransuz kärdeşi Emmanuel Makron. 29-njy maý, 2017 ý.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we onuň fransuz kärdeşi Emmanuel Makron Eýranyň ýadro ylalaşygyny, şeýle-de Siriýadaky we Ukrainadaky konfliktleri maslahat etmek üçin 24-nji maýda Sankt-Peterburg şäherinde duşuşýarlar.

Makron prezident wezipesine girişeni bäri ilkinji gezek Orsýete sapar edýär. Onuň bu sapary Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Orsýete eden saparyndan bir hepde soňa gabat geldi.

Putin bilen Makron geçen ýyl Fransiýada duşuşypdylar. Bu duşuşyk Makronyň prezidentlige kasam etmeginden birnäçe hepde soň amala aşypdy.

Şol bir wagtyň özünde, Putin Fransiýada prezidentlige bäsleşik kampaniýasy dowam edýän mahaly, Makronyň bäsdeşi Marine Le Pen bilen Moskwada duşuşypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG