Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Fransiýa bilen has ýakyn biznes gatnaşyklaryny wada berýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makron bilen. Sankt-Peterburg, Russiýa. 24-nji maý, 2018 ý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makron bilen. Sankt-Peterburg, Russiýa. 24-nji maý, 2018 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makrona has ýakyn biznes gatnaşyklaryny wada berdi.

Bu barada Putin Makronyň Sankt-Peterburgda geçýän ýyllyk ykdysady forumyna edýän saparynyň çäklerinde çykyş etdi. Bu saparyň dowamynda Fransiýanyň Total kompaniýasy bilen gaz ylalaşygy hem baglaşyldy.

Putin iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň – Ýewropa Bileleşigniň Kremliň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Moskwa girizen sanksiýalaryna, Siriýadaky düşünişmezliklere we beýleki meselelere garamazdan – “özgerýändigini” aýtdy.

Munuň yz ýany, Putin bilen Makron 3,5 sagada çeken gepleşikleri geçirdiler. Onuň dowamynda Siriýadaky we Ukrainadaky konfliktler, şeýle-de Eýranyň Ýadro ylalaşygy maslahat edildi.

Bu aralykda, Fransiýanyň Total kompaniýasy bilen Russiýanyň Arktikadaky gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça 25 milliard dollarlyk ylalaşyk hem baglaşyldy.

XS
SM
MD
LG