Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Demirgazyk Koreýadaky ilçisini belledi


Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa metbugat azatlygygy indeksinde köplenç iň yzdaky orunlary alýar.
Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa metbugat azatlygygy indeksinde köplenç iň yzdaky orunlary alýar.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Çynar Rustemowa şol bir wagtda Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky karara 25-nji maýda gol çekdi.

Türkmenistan dünýäniň iň bir repressiw režimleriniň hatarynda agzalýan Demirgazyk Koreýa bilen göni diplomatik gatnaşyklaryny 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda ýola goýdy.

Bu iki ýurt halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda adam hukuklaryny we raýat azatlyklaryny sylamakda iň pes bahalary alýar.

XS
SM
MD
LG