Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Kim bilen goýbolsun edilen sammitiň bolmagynyň ahmaldygyny duýdurýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, 25-nji maý, 2018.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, 25-nji maý, 2018.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 25-nji maýda twitterde Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen geçirilmekçi bolnan, emma özi tarapyndan bir gün öň goýbolsun edilen sammitiň dikeldilmegi üçin “netijeli gepleşikleriň” alnyp barylýandygyny aýtdy.

Tramp, eger bu sammit başa barsa, onuň ozalky bellenen senesinde we ýerinde, başda planlaşdyrylyşy ýaly, 12-nji iýunda Singapurda geçiriljekdigini aýtdy.

Günorta Koreýanyň prezidentiniň sözçüsi “biz ABŞ-Demirgazyk Koreýa dialogynyň janlylygy babatda şindi hem seresap umytly” diýdi.

24-nji maýda, Phenýanyň “açyk duşmançylygyna” salgylanyp, bu sammiti goýbolsun eden we Demirgazyk Koreýanyň “gepleşiklere açyk galýarys” diýenini eşiden prezident Tramp bu duşuşygy dikeltmek tagallasyny etdi.

"Olar örän gowy beýanat etdiler” diýip, Tramp Ak tamda aýtdy. "Olar muňa örän islegli. Biz hem şeýle etmek isleýäris” diýip, Tramp aýtdy.

XS
SM
MD
LG