Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul: Ýaşaýyş rugsady problemalary türkmen migrantlaryny günbatara bosgunluga gönükdirýär


Stambulda kanuny problemalaryna çözgüt gözleýän türkmenistanly zähmet migrantlary konsultasiýa alýarlar. "Turkpermit" firmasy, Stambul.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan türkmen zähmet migrantlarynyň we wiza firmalarynyň berýän maglumatlaryna görä, Stambulyň migrasiýa edarasy aprel aýyndan bäri Stambulda turistik ýaşaýyş rugsadyny almak ýa-da şeýle görnüşde alan ýaşaýyş rugsadynyň möhledini uzaltmak isleýänleriň arzalaryny yzyna gaýtaryp başlady.

Bu ýagdaý Stambuldaky türkmen zähmet migrantlaryny çykgynsyz ýagdaýa salýar we ýaşaýyş rugsadyny alyp bilmeýän türkmenistanly raýatlaryň käbiri indi günbatar ýurtlaryna bikanun migrantlyga gitmegiň ýoluny gözlemäge başlady diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.

Eýsem, Stambulda ýaşaýyş rugsady baradaky arzasy kabul edilmeýän türkmen zähmet migrantlary nähili ýagdaýlary başdan geçirýär? Türkiýede zähmet migranty bolup galmagyň şertleri näme? Migrasiýa resmileri we wiza firmalary bu ýagdaýy nähili düşündirýärler? Stambulda ýaşaýyş rugsadyny alyp bilmeýän türkmenistanly zähmet migrantlary nähili çykalgalar gözleýärler we geljekde näme etsem diýýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu günki sanyny şu meselelere gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Stambul: Ýaşaýyş rugsady problemalary türkmen migrantlaryny günbatara bosgunluga gönükdirýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG