Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzy, Lebaby duzly apy-tupan gurşap aldy (WIDEO)


Duzly tupan Türkmenistanyň demirgazyk goňşusy Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasyndan geldi.
Duzly tupan Türkmenistanyň demirgazyk goňşusy Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasyndan geldi.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatyny duzly apy-tupan gurşap aldy.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylary harasatyň 27-nji maý güni, gije sagat 2-ler töweregi ýüze çykandygyny habar berdiler. Demirgazyk-günbatardan, sekuntda 20 metr tizlik bilen öwsen ýel regiona duz we tozan garyndyly tupany getirdi.

Daşogzy duzly apy-tupan gurşap aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri harasatyň ýekşenbe gününiň ikinji ýarymyna çenli dowam edendigini, şeýle-de munuň täsiriniň welaýatyň täs ähli sebitlerinde diýen ýaly görse bolýandygyny aýtdylar. Sebitiň käbir etraplarynda duzuň gatlagy 1 sm çenli golaýlady.

Harasat ýekşenbe gününiň ikinji ýarymyna çenli dowam etdi.
Harasat ýekşenbe gününiň ikinji ýarymyna çenli dowam etdi.

Duzly apy-tupan ýurduň Lebap welaýatynyň hem käbir sebitlerine baryp ýetdi. Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň maglumatyna görä, duz Darganata we Dänew raýonlaryny tutuşlygyna gurşap alypdyr.

“Duz pagta we bugdaý meýdanlaryny, gök-bakja ekinlerini gurşap aldy. Ýollar hem durşuna duz bolup dur. Ähli ýer duw-ak” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň biri gürrüň berdi.

Duzly tupan Türkmenistanyň demirgazyk goňşusy Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasyndan geldi. Azatlyk Radiosynyň Özbegistandaky habarçylary duzly tupanyň – Türkmenistan bilen araçäkleşýän – Horezm, Buhara we Nowaýy sebitlerini hem gurşap alandygyny gürrüň berdiler.

Wideo: Özbegistanyň Horezm oblasty

Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty ýurduň sosial-ykdysady, ekologiýa taýdan iň problemaly welaýatlarynyň biri hasaplanýar. Bu ýerde Aral deňziniň guramagynyň netijeleri has-da ýiti duýulýar.

Ýerli ýaşaýjylar suwuň hiline we ýerleriň şorlaşmagyna dowamly şikaýat edýärler.

Galyberse-de, türkmen emeldarlary we mediasy dynç günleriniň dowamynda Daşoguzda we Lebapda ýüze çykan harasat, onuň ýetiren zyýanlary barada dymýarlar.

XS
SM
MD
LG